Ak zat alnyňa ýagşy (Kämillige tarap)

22 Iýul 2024
189

Biz reňkler hakynda nämeleri bilýäris ýa-da reňklere näderejede ähmiýet berýäris? Suratkeşleriň reňkleri ulanyşyndaky aýratynlyklara üns berip gördüňizmi? Olar üçin reňkler giden bir filosofiýa. Şahyryň zehininiň sözde bolşy ýaly, suratkeşleriň ussatlygy hem reňkleriň sazlaşygyndadyr. Ol öz duýgy-düşünjesini ýa bolmasa eserindäki haýsy hem bolsa bir manyny reňkleriň üsti bilen berýär.Göräýmäge, biziň üçin adaty bir zat hökmünde durmuşymyza ornan reňkleriň ykbalymyza, dünýägaraýşymyza täsir edip bilýändiginden az sanlymyz habarly bolsak gerek. Dünýä psihologlarynyň gelen netijesine görä, her adamyň saýlan reňki onuň häsiýetini, durmuş isleglerini we hemişelik ahwalyny kesgitlemäge ýardam edýär. Köplenç halatda, biz ak reňki gowulyk, gara reňki ýakymsyz duýgular, ýaşyl reňki ýaşaýyş, sary reňki aýralyk bilen baglanyşdyrýarys. Ýöne bu hemişelik üýtgewsiz kanun däldir. Başda hem aýdyşymyz ýaly, halklaryň dünýägaraýşyna görä, reňkleriň kabul edilişi hem üýtgäp bilýär. Käbir halklarda gara reňk güýçlüligiň, syratlylygyň, sary reňk döredijiligiň reňki hasaplanýar.

Halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy», «Ak göwünliň aty armaz, dony tozmaz» diýen ýaly nakyllaryň, «Ýoluň ak bolsun!», «Ak gyz ýoldaşyň bolsun!» diýen ýaly ýagşy arzuwlaryň içine reňkleriň siňmegi hem ýönelige däldir. Bu halkymyzyň mentaliteti bilen baglanyşyklydyr. Ak reňk hemişe halkymyzda gowy zatlaryň buşlukçysy hökmünde garşylanýar. Hatda süýt önümleri, un, ak gar... hem halkymyz tarapyndan mukaddesleşdirilýär. Aslynda-da, ak reňk hemişe arassalygyň, päkligiň we adalatyň nyşanydyr. Bu reňki saýlan adamlar häsiýeti boýunça asuda, rahat, ümsüm we sabyr-takatly adamlar bolýarlar. Ak reňkiň rahatlandyryjy täsiri ruhy güýç berýär we bize hemişe ýakymly täsirleri bagyşlaýar.

Aýjemal HAJYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.