«Pixar»-yň iň köp girdeji gazanan multfilmi

19 Iýul 2024
153

Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän we ýylyň girdejisini 1 milliard dollardan geçiren ilkinji ekran eseri bolan «Inside Out 2» animasiýasy kassa ýygymyny toplamagyny dowam edýär. Ekranlara çykanyna 1 aýdan gowrak wagt geçen animasiýanyň prokatlardan toplan girdejisi 1 milliard 371 million dollardan geçdi. 200 million dollar býujetli multfilme Kelsi Mann režissýorlyk edip, ekran eseri birnäçe statistikada öňe saýlandy. Iň çalt 1 milliard dollar gazanan animasiýa bolan «Inside Out 2» multfilminiň bu görkezijä ýetmegi üçin 19 gün ýeterlik boldy. Ol bu ugurda «Şa ýolbars » multfilminiň rekordyny täzeledi (21 gün). Umumylykda 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan 54-nji ekran eseri bolan «Inside Out 2» multfilmi öndüriji« Pixar»-yň rekordyny hem täzeledi. «Inside Out 2» multfilmi «Pixar»-yň iň köp girdeji gazanan animasiýasy boldy. Bu ugurda «Super maşgala 2» (Incredibles 2) animasiýasy 1 milliard 242 million dollar bilen birinji orunda barýardy. Animasiýa ugry boýunça ähli baýraklaryň hem birinji derejeli hyrydary hasaplanýan «Inside Out 2» iň köp girdeji gazanan multfilmleriň sanawynda 3-nji orny eýeleýär. Ondan öňde «Doňaklyk 2» (Frozen II) hem-de «Şa ýolbars » (The Lion King) animasiýalary bar. Ol şol bir wagtyň özünde iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda 16-njy ýerde bolup, animasiýanyň 2 sanawda- da has ýokarky basgançaklara çykmagyna garaşylýar.