Kompýuter satuwy artdy

19 Iýul 2024
125

Şu ýylyň ikinji çärýeginde kompýuter satuwynyň 3 göterim artandygy mälim edildi. Munda emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanmanyň täsiriniň bardygy bellenildi. «International Data Corporation » (IDC) maslahat beriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, ýylyň ikinji çärýeginde personal kompýuterleriň satuwy 64,9 milliona ýetipdir. Kompýuter satuwy geçen iki ýylda pese gaçandan soňra, şu ýylyň başynda gaýtadan artyp başlapdyr. Degişli döwürde iň köp ösüşi 20,8 göterim bilen «Apple » kompaniýasy hasaba alypdyr. Bu ugurda ikinji orundaky «Acer»-iň satuwy 13,7 göterim ýokarlanypdyr. «Lenovo Group» hem-de «HP Inc» kompaniýalarynyň satuwy degişlilikde 3,7 we 1,8 göterim köpelipdir. «Dell Technologies » kompaniýasynyň kompýuter satuwy bolsa 2,4 göterim azalypdyr. Bilermenler soňky alty aýda kompýuter satuwynyň artmagynda emeli aň tehnologiýasynyň täsiriniň uludygyny belleýärler.