Guwançly görkezijiler — üstünlige badalga

17 Iýul 2024
191

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda guwançly netijeler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz çalt depginlerde durnukly ösüşleriň döwrüni başdan geçirýär. Gurlup, ulanylmaga berilýän öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary ýurdumyzyň ösüşiniň ynamly gadamlaryna itergi berýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady-durmuş taýdan ösüş-özgerişi bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagynyň kepili bolup hyzmat edýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda gazanylan görkezijilere, ýetilen belent sepgitlere jikme-jik seljerme berildi.