Şadyýan tomus — 2024

17 Iýul 2024
187

Bal çagalar şat ýaýnaýar diýarda

Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Mekdep okuwçylary döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga gidýärler. Biz hem çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ýollanma esasynda olary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradýarys.