Ýol abat — il abat

17 Iýul 2024
248

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli babatda sazlaşykly ösýär, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, ulag serişdeleriniň sany hem artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty awtomobil ýollary ulaglaryň hereketleriniň sazlaşykly bolmagynda uly ähmiýete eýedir. Ýollarda ulag serişdeleriniň artmagy netijesinde hereket ýygjamlaşýar. Bu bolsa awtoulag sürüjilerini-de, pyýadalary-da ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge borçly edýär.

Şu nukdaýnazardan, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri bolup, herekete gatnaşyjylaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli ýagdaýda, netijeli häsiýetde alyp barýarys. Sürüjilere ulag serişdelerini dolandyranlarynda ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmelidiklerini ýatladýarys, bellenilen tizlikdäki çäklendirmelere laýyklykda sazlaşykly hereket etmelidiklerini düşündirýäris. Pyýadalara bolsa özleri üçin niýetlenen ýerlerden, ýanýodalardan, ýerasty geçelgelerden, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünlerini ýatladyp durýarys. Şeýle sazlaşykly işler raýatlaryň ömrüniň rahatlygyny üpjün etmek bilen bagly aladalardan gözbaş alýar. Il-günümiziň bagtyýar we rahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň göwrümli işleri amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Azat ÇARYÝEW,
Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.