Okuw maslahaty geçirildi

17 Iýul 2024
203

Bereket şäherindäki tikin fabriginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Bereket etrap birleşmeleriniň guramagynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň, oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlarynyň, edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda hukuk binýadyny pugtalandyrmak, zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar zähmetkeşleriň howpsuz iş şertlerini döretmek, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy usullary, tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak,  hünärlerine ussat işçileri ýüze çykarmak, tejribelerini giňden ýaýratmak, olaryň höweslerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman  Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.