Şatlyga beslenen pursatlar

16 Iýul 2024
198

Körpe nesliň begenji kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär. Edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynda bagtyýar körpeleriň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde-de bu ýakymly duýgyny başdan geçirdik. Bu şatlykly pursatlar hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan atalyk aladasy bilen gurşalyp alnan bagtyýar nesliň ýadynda hemişelik galsa gerek.

Durmuşymyzyň bezegi bolan çagalar biziň barlygymyz, dowamatymyz. Eziz Diýarymyz bagtyýar çagalaryň gülki sesleriniň, şirin owazlarynyň belentden ýaňlanýan ýurdy hökmünde dünýäde tanalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gül-gunçalary bolan çagalar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Olaryň parahat durmuşda ösüp-ulalmagy, sapaly dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bu babatdan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilip, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri her birimizi begendirýär. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goýberilen pul serişdeleriniň hasabyna Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän onlarça çaganyň saglygyny dikeldip, deň-duşlarynyň arasyna goşulandygy ählimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär.

Gadam SÖÝEGOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.