Abadan durmuşyň goragynda

16 Iýul 2024
249

Häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, goýnunda gaýtalanmajak özboluşly biodürlüligi bolan gözel tebigata aýawly çemeleşmek boýunça maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi, ekologik abadançylygy üpjün etmekde, gözel tebigatymyzy we onuň haýwanat dünýäsini gorap saklamakda hem-de bütin özboluşlylygy bilen geljek nesillere ýetirmekde ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi wajypdyr. Çünki ýangyn hadysasy tebigata, onuň haýwanat dünýäsine öwezini dolup bolmajak zeper ýetirip bilýär.

Ilkidurmuş döwürlerinden bäri adamlar ot diýen hadysa düşünmek, oňa erk etmek ýaly tejribeleri özleşdirip, kämilleşdirip, onuň bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny häzirki görnüşe getiripdirler. Ýangyn hadysasy adamyň jany we saglygy, eýeçiligi, daşky gurşawyň abadançylygy babatda juda howpludygy sebäpli, özi babatda ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribä hem-de döwrebap bilimlere daýanýan çemeleşmäni talap edýär.

Rahat TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.