Sazanda obasyna sowlup ötüň! (Oçerk)

15 Iýul 2024
276

Daň bilen baga baryp, bilbil sesine gulaklaryny gandyrmak indi nijeme ýyl bäri onuň edähedine öwrülipdi. Özi oglanlykdan kitaphon bolansoň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň: «Säher yhlas bilen saýranda guşlar, // Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar» diýen setirleri özi üçin ýazylan ýaly, bagyň içine howlugyberýär. Pah, daň ýeline şirin saz çalýan, baharda gülleriniň ysy müşki-anbar saçýan, tomusda, güýzde bişen miweleriniň ysy agzyňy suwardyberýän giden baglykda nagma kakýan guşlaryň owazam gulaga üýtgeşik degiberýär. Ah-ow, onsoňam öz ýetişdiren bagyňda perwaz urýan naşyja bilbilem, göwnüňe bolmasa, özüňki ýaly bolup dur. Honha, ertirlik çaýyny hem içmän, perzentleri Humaý, Ylham, Yhlas, Arzuw ylgaşlap gelýärler. Köňül telwaslaram kakalarynyň ýanynda durup, bilbil owazyny diňlemek. O ýan, bu ýan parran geçýän gaýçyguýruk garlawaçlaryň, birenaýy jürküldeşýän serçeleriň, «gur-gury» gulagyňda galýan gumrularyň... bileleşip, tutuş baga ýaýradýan «simfoniýasyny» diňlemek, terliginden ýaňa ýalpyl-ýalpyl edýän, gözüň düşeninden agzyňy suwardýan miwelerden lezzet almak, bu gün düýnküsinden has agralyp, şahasyndakyny göteribilmän, ýere baş egen agaçlara direg-tekge berýän pederine kömekleşmekdi...

Şolary görende, Dädebaýyňam ýüregi joşuberýär. Gör-ä, perzentleriniň ony hakyda depderinde ýakymly ýatlama bolup galan günlere dolaýşyny! Diňe bir gadymy Sazanda obasynda däl, eýsem, Akdepede we goňşy etraplarda hem «Öwezgeldi Ýusup» diýilse: «Hä-ä, olmy, onuň bagbançylygy ezelden berlen ýalydyr» diýerler. Ellini tegeläp barýan Dädebaýyň bili bekänden tutany pil, oýnagy orak, tutup aýasyny gatadany kätmen bolupdy. Baga gelen oglana edere iş kändi: güýzde nahal oturtmak üçin çukur gazmak, baharda haşal ot-çöpleri arassalamak, tomsuň jöwzasynda bal bolup bişen miweleri ýygnamak, güýz çigregi düşüp, akrabyň burny görnende, agaçlaryň guran, jomrulan şahalaryny aýyrmak, gol-pudagyny çyrpmak, pudamak, agaç gyş ukusyna gitmänkä düýbüni bir depim ýumşadyp, dökünlemek... sanasaň, işe tükenme ýok. Halys ýadanda kakasy gulagyna guýardy:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.