Erik bişen günleri (Oýlanma)

15 Iýul 2024
247

Şiresi daşyna çykan sary erikler özüne örkläýdi. Onuň ysy, buldurap durşy juda bişendiginden nyşandy. «Ene, bize erik bagyny görkezäý-dä. Ol ýertudana ýaly owadanjamy ýa-da üzüm ýaly çyrmaşyp ösýärmi?!». Ana, indem sary erikler maňa agtyklarymyň sowalyny hem ýatlatdy. Şol gün olara erik bagyny tanatjak bolup, baý, azap çekipdim-ä. Öýümizden jigimlere barýançak diňe bag saýlapdyk. «Gyzym, ine, bu tut agajy, ýapraklaryna seret, gyralary keşdelijedir. Onuň tudanasyndan geçen ýyl bal ýapanymyz ýadyňdamy? Baý, doganyň bilen tudana çöpläpdiňiz-ä. Ataň bolsa eli ýeten şahalaryny silkip beripdi. Ine, bu üzüm bagy, bu bolsa garaly, oglum! Häzir, häzir men size erik bagynam tanadaryn». Köp gatly jaýlaryň arasy bilen barşymyza, ahyram 60-njy mekdebiň töwereginde birnäçe erik bagy gabat gelipdi. Şonda men: «Wah, erik bişen günleri sizi bir oba äkidip bolaýsady. Erik baglaryndan ýaňa ol-a mellekler ekeni, uly köçeleriň gyralaram doludyr. Özem hasylyny göterip bilmän basyrynyp durandyrlar welin, degýän adam ýokdur. Sebäbi her kim öz bagynyň hasylyny yrýa etmän ýygnap bilse, zor boldugy» diýipdim. Olaryň ikijigi iki ýerden: «Äkidäý-de-äkidäý» bolşupdylar. «Äkiderin, erik bişen günleri hökman äkiderin. Siz hut öz elleriňiz bilen erik ýygarsyňyz. Onsoň hiç wagt erik bagy-da, miwesi-de ýadyňyzdan çykmaz» diýipdim. Ine, şol söz beren günlerimem, bir seretsem, ýetip geläýipdir. Süýjüje umytlary kalbyma ýerleşdirip, bazarda erik saýlap durşuma, ýatlama guşumyň başyma gonanyny hem bilmändirin.

Öz mellegimizde şetdaly baglary ösensoň, erik bişen günleri oba — mamamlara giderdik. Kiçiräjik saryja awtobuslara münüp barşymyza, jigim Nurmyrat bilen depeleri, galalary sanaşardyk. «Liň-liň depe», «Hojaidat galasy», «Alty gümmez», «Petde oba» diýip gidip barşymyza, «Bataş oba» ýetenimizde begenişip, düşmäge taýýarlanyp ugrardyk. Sebäbi şondan aňyrky duralga — Lammady. Bara-barmana-da derrew mamam pahyr bilen salamlaşyp, erik baglarynyň arasyna siňerdik. Daýymdyr daýzam mydam meýdanda bolardylar. Daýymyň ýekeje gyzy ýekesiräp ýörensoň, bizi diýseň gowy garşylardy. Baglaryň arasynda men aýratyn birini gowy görerdim. Ony «alma erik» diýip atlandyrardyk. Ol şeýle bir süýjüdi welin, agyz uranyňdan paşyrdap duran şerbet suwundan owurdyň dolardy. Onuň bir tarapy gyzaryp bişerdi. Erik baglarynyň arasynda gezip ýörşüňe tä doýýançaň näçe iýseň iýiber onsoň. Enem pahyr: «Ýuwup iýiň, içiňiz agyrar» diýip, zol gaýtalasa-da, çagatak kalbymyza görä, hiç zady göwnümize getirmezden, biri-birimiz bilen bäsleşip iýerdik. Garryja mamam ahyry bolmajagyny bilip, eline ýarty bedre suw alyp, bagyň aşagyna gelerdi. Baý, hezil bolar-da.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».