Täsirli geçen çäre

12 Iýul 2024
270

Etrek etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi, şahyr Ahmetberdi Mededowyň «Yşk dünýäsiniň gujagynda» diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler şahyry täze kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlap,  galamynyň ýiti, kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Japar Baýjaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.