Şadyýanlygyň mekany

12 Iýul 2024
257

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomsuň häzirki gyzykly günlerinde welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen mekdep okuwçylarynyň uly topary dynç alyş günlerini ruhubelentlikde geçirýär. Munuň üçin merkezde giň şertler bar.

Merkezde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem täsirli bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, sport ýaryşlary we beýleki baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Ol ýerde zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlar bolsa, her bir çäräniň netijeli we ýatda galyjy bolmagy ugrunda tagalla edýärler.

Meýlismyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.