“Ýaşyl ýaýladaky” sport ýaryşy

12 Iýul 2024
318

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde “Biz sagdyn nesiller” ady bilen kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes bildiren çagalar köp boldy.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalara ýeňiş gazanmaga hyjuw berdi.

Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.