3 duşuşykda ýeňiş gazanan topar esasy wagtda belli bolmady

12 Iýul 2024
215

Ko­pa Ame­ri­ka­da çär­ýek fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Ek­wa­do­ryň ýy­gyn­dy­sy du­şuş­dy. Oý­nuň 35-nji minutynda ar­gen­ti­na­ly go­rag­çy Li­sand­ro Mar­ti­nes ta­pa­wut­lan­dy. Ek­wa­dor­ly­lar bu go­la oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 90+2-nji mi­nut­da Ho­se Rod­ri­ge­siň go­ly bi­len jo­gap ber­di. Ne­ti­je­de, oý­nuň esa­sy wag­ty 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Oýun­dan soň goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den (di­ňe fi­nal oý­nun­da ber­ler) gö­nü­mel pe­nal­ti ur­gu­la­ry­na ge­çil­di. Pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da ar­gen­tin­le­riň il­kin­ji ur­gu­sy­ny uran su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si­niň to­py sü­tün­den yzy­na gaýt­dy. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len Ar­gen­ti­na­dan Al­wa­re­siň, Ma­kAl­lis­te­riň, Mon­tie­liň hem-de Ota­men­di­niň ur­gu­la­ry dürs bo­lup, Ek­wa­dor­da­nam 1-2-nji ur­gu­la­ry uran Me­na bi­len Min­da­nyň pe­nal­ti­le­ri­ni-de ar­gen­ti­na­ly der­we­ze­çi, pe­nal­ti sak­la­mak­da ök­de ha­sap­lan­ýan Emi­lia­no Mar­ti­nes sow­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ek­wa­dor­dan Ýe­boa­nyň hem-de Hor­di Kai­se­do­nyň ur­gu­la­ry dürs bol­sa-da, bu ola­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de 4-2 öňe saý­la­nan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bu du­şu­şyk­dan soň Ek­wa­do­ryň tä­lim­çi­si Fe­liks San­çe­siň şert­na­ma­sy ýa­ty­ryl­dy. Is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men 2023-nji ýyl­da 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp­dy. Ek­wa­do­ryň ýy­gyn­dy­sy We­ne­sue­la­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len Ko­pa Ame­ri­ka­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bil­me­dik 2 to­pa­ryň bi­ri­dir.

Il­kin­ji ge­zek äh­li du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, to­par­ça­dan çy­kan We­ne­sue­la­nyň bu üs­tün­li­gi çär­ýek fi­nal­da ta­mam­lan­dy. Ka­na­da bi­len du­şu­şan Gü­nor­ta Ame­ri­kanyň we­ki­li pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de as­gyn gel­di. Du­şu­şy­gyň 13-nji mi­nu­tyn­da Şaf­fel­burg Ka­na­da­ny öňe saý­la­sa, 65-nji mi­nut­da we­ne­sue­la­ly meş­hur hü­jüm­çi Ron­don meý­dan­ça­nyň or­ta gürp­le­ri­ne go­laý ýer­den to­py der­we­zä gi­ri­zip, ha­sa­by deň­le­di. Du­şu­şyk­dan soň­ky pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da az ýal­ňyş goý­be­ren Ka­na­da 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp ýa­rym fi­nal­çy bol­dy.