Dünýäde 10 müň töweregi şäher bolup, taryhy binalary, owadan tebigaty we medeniýeti bilen biri-birine meňzemeýän täsirleri galdyrýar. Şäherleriň köpüsi öndürýän önümi, milli gymmatlyklary ýa-da tagamlary bilen meşhurlyga eýe bolup, dünýäde şol aýratynlygy bilen tanalýar. Fransiýanyň Gras şäheri hem hoşboý ysly gülleriň ösdürilip ýetişdirilýän merkezi bolup, bu şäher dünýäde parfýumeriýa serişdeleriniň öndürilýän merkezi hökmünde tanalýar.
Parfýumeriýa serişdeleriniň ady agzalanda, ilki bilen Fransiýa göz öňüňe gelýär. Fransiýada atyr önümçiliginiň «Fragonard», «Serge Lutens», «Guerlain», «Shalimar», «Chanel», «Lombre dans» ýaly dünýä belli brendleri öndürilip, dürli ýerlere eksport edilýär. Şeýle hem Nýu-Ýork, Singapur, Tokio, London we Dubaý ýaly syýahatçylyk babatda ösen şäherlerde fransuz atyrlarynyň dükanlary hem bar. Ýurduň atyr önümçiliginde Nantes, Gras, Marsel, Kabriýer-d’Awinion, Strasburg ýaly şäherler öňdeligi eýeläp, iň naýbaşy atyrlar Gras şäherindäki güllerden alynýar.