Arkadag şäheri — bagtyň gözbaşy

11 Iýul 2024
344

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl doldy. Bu mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen medeni çäreler, baýramçylyk maslahatlary we şowhunly konsert dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi.

Gadyrly çagalar, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi. Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna-da girizildi. Arkadag şäheri halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalaryň güwänamalarydyr diplomlarynyň ýigrimiden gowragyna mynasyp boldy.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».