Täzelikler

10 Iýul 2024
264

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň guramagynda sanly ulgam arkaly usuly-amaly maslahat geçirildi.

Oňa welaýat kitaphanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini zamanabap derejede guramak, kitaphanalara okyjylary çekmek boýunça pikir alşyldy. Şonuň ýaly-da çärede obadyr şäherlerdäki kitaphana şahamçalarynyň hünärmenlerine usuly kömek bermek, olaryň iş tejribelerini baýlaşdyrmak meselelerine garaldy. Maslahat hemmeler üçin örän ähmiýetli boldy.