Hasyl ussatlarynyň zähmet ýeňşi

9 Iýul 2024
246

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimize daşoguzly gallaçylaryň 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, zähmet üstünligini gazanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatymyzyň edermen hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet üstünligi bilen gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etmegi ähli halkymyz bilen birlikde, welaýatymyzyň edermen gallaçy kärendeçilerini hem diýseň guwandyrdy, buýsandyrdy.

Welaýat häkimliginde bu şanly waka mynasybetli maslahat geçirildi. Onuň dowamynda galla oragy möwsüminde yhlasly zähmet çeken kärendeçilere we oba hojalyk işgärlerine welaýat häkimliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde edermen gallaçylaryň gazanan zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk özgertmeleriniň ajaýyp miwe berýändiginiň aýdyň netijesidir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlaryndan peýdalanyp, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan oba hojalyk toplumynyň agzybir işgärleri bu babatda tagallasyny gaýgyrmaýarlar. Yhlasly zähmet, sazlaşykly iş belent sepgitleriň eýelenmegine ýardam edýär.

Ýörite habarçymyz.