Sport ýaryşlary uly üstünliklere beslendi

9 Iýul 2024
387

Çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan we ýatda galyjy pursatlara beslenmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýörite çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Dynç alyş möwsüminde çäreleriň täsirli geçmegi we olara çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklary üçin guramaçylyk işlerine has uly üns berilýär. Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça ýaryşlar uly ruhubelentlige beslendi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde guradylar.

«Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça guralan ýaryşlaryň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminde bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy.

Oguljahan ALAMYŞOWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.