Söhbetdeşlik guraldy

9 Iýul 2024
319

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanyp, «Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar, şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň esasy hünärmeni Ogulnar Baýramowa, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Niýazsoltan Artykowa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri Akgül Gurbanmämmedowa we Merjen Nuryýewa, Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Güljan Öwezowa dagy çykyş etdi. Olar älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiziň gadymylygy, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak sapmak, keşdeçilikde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin söhbet etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Käkilik ÖWEZBERDIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.