Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap

9 Iýul 2024
237

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk halkara ösüş taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmäge, milli we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyz täze uly ösüşlere beslenýär. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösüş gazanmak ileri tutulýan aýratyn möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

(Ýörite habarçymyz).