Ýangyndan ägä boluň!

7 Iýul 2024
258

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy durmuş hajatlarynda ulanylýan elektrik enjamlarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek maksady bilen, şu aşakdaky maslahatlary raýatlarymyzyň dykgatyna ýetirýär:

Elektrik geçirijileri ulanylanda, öz agramyna sallap goýmak, daşky örtügi zaýalanan görnüşde ulanmak, elektrik geçirijileriň sütünleri birikdirilende, ýönekeý usulda sarap goýmak hem-de üstünden kagyz ýelmemek, alýumin bilen mis simleriň sütünlerini birikdirip ulanmak, elektrik geçirijileriň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik ýagtylandyryş çyralaryň daşyna ýanyjy çig mallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek, elektrik gyzdyryjy enjamlaryň aşagyna oda garşy durnukly çig mallary goýmazdan ulanmak, elektrik ýagtylandyryş çyralary oturdylanda, ýanyjy çig mallardan 0,2 metr, otagdaky öý goşlaryndan ýarym metrden az bolan arada ýerleşdirmek talabalaýyk däldir.

Ýazmuhammet Akmedow,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.