«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň şuglasy

3 Iýul 2024
302

Galkynyşdan galkynan, Hakdan ýalkanan keremli topragymyzyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden binýat bolan Arkadag şäheri köňüllere, ýüreklere ylham berdi. Bu ajaýyp şähere geljegiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde baha berilmeginde hem uly many bar. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan ajaýyp şäheriň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralar giň jahana ýaň saldy. Şanly dabaralaryň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar göwünlere ganat berdi, ýüreklere ylham bagyşlady.

«Arkadag» ýyldyzy — döwrüň beýik gudraty.
«Arkadag» ýyldyzy — baky bagtyň şuglasy.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW.