Sapaly tomsuň şatlygy

3 Iýul 2024
213

Hormatly Prezidentimiz «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belleýär. Ýurt Baştutanymyzyň parasatly sözlerinden ugur alyp, berkarar Diýarymyzda körpe nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle-de, çagalaryň tomusky dynç alyş döwürlerini gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin gözel Gökderäniň goýnunda hem-de welaýatlarymyzda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär.

Bilşimiz ýaly, çagalaryň sapaly Gökderäniň goýnundaky tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry uly ruhubelentlige beslendi. Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgünde bolsa bagtyýar çagalary dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry üçin dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, şowhunly çykyşlar şadyýan körpeleriň ýüreklerini buýsanç duýgularyna besledi. Häzirki wagtda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dowam edýän tomusky möwsümiň ikinji tapgyrynda hem gözel Gökdere mähriban çagalaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli görnüşli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen kompýuter, daşary ýurt dilleri, çeper eller, kitaphana, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty, sportuň futbol, woleýbol, basketbol görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýär. Merkezde çagalaryň beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak üçin olara türkmen milli hereketli oýunlary hem yzygiderli oýnadylýar.

Bägül BEGENJOWA,
«Aşgabat».