Ynsanyň ýürek syrdaşy

3 Iýul 2024
226

Türkmen halky özüniň uzak ýyllaryň dowamyndaky şöhratly taryhynda umumadamzat hazynasyna kämil hem gaýtalanmajak medeniýeti berdi. Türkmen halysy, keçesi, ahalteke bedewi, saryja goýny, arwana düýesi, alabaý iti, nepis şaý-sepleri, ketenisi, gyrmyzy dony, silkme telpegi, dutar-gyjagy... bular dünýä nusgalyk milli gymmatlyklar. Şu gymmatlyklar bilen birlikde bedewlerimiziň adamzadyň ýakyn syrdaşy hökmünde taryha girmeginiň hem uly manysy bar. Sebäbi uly iliň ýagşysyna ýaran, il üçin janyny orta goýan asylly gerçekler hem ykbalyny bedewinden üzňe tutmandyrlar.

Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda türkmen bedewleriniň şan-şöhraty bütin jahana ýaň salýar, sarpasy has-da belende göterilýär. Ahalteke bedewi türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy hasaplanylýar. Türkmenleriň atçylyk sungaty müňlerçe ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň kämilleşmegine, bütin dünýä at-owazasynyň ýaýramagyna we biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Behişdi bedewlerimiziň türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýdyň hakykatdyr. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň ykbalynyň bir bölegidir.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.