Raýatlaryň bähbitlerini gorap

3 Iýul 2024
235

Türkmenistanyň Esasy Kanunynda adam jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilýär. Şundan ugur almak bilen, ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplara, ýaş çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine we Türkmenistanyň ilatyň durmuş taýdan goralmagynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz ilaty durmuş taýdan goramak meselesine ilkinji derejeli ähmiýet berýär we bu babatda möhüm çözgütleri kabul edýär. Her ýylda zähmet haklary bilen birlikde pensiýalar we döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde we almakda hiç hili bökdençlik bolmaýar. Ýokarda ady agzalan Kodeksiň 8-nji maddasynyň 3-nji bendine laýyklykda pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar.

Begenç BALTAÝEW,
welaýat pensiýa gaznasynyň müdirliginiň başlygynyň orunbasary.