Ýaşlar — Watanyň daýanjy

28 Iýun 2024
435

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli – gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr” diýen çuň manyly sözlerini ýol-ýörelge edinýän bagtyýar ýaşlar bu gün öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Bu gün ýurdumyzda bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge, gurmaga açylan giň ýollar biz — bagtyýar ýaşlary beýik üstünliklere, täze-täze gözleglere ruhlandyrýar.

Bu gün «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlary örän begendirýär. Bu zatlar ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmekleri, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklary üçin diýseň ähmiýetli bolup durýar.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.