Magtymguly Pyragy we Ýunus Emre

26 Iýun 2024
236

Geçmişde nusga alarlyk, çuň many-mazmunly eserleri döreden ussatlar bizde sanardan kän. Bular, elbetde, uly mekdepdir. Biziň söhbedimiz bolsa Magtymguly we Ýunus Emräniň arasyndaky edebi ýakynlyk hakda.

Ýunus Emre öz döwründe we häzirki döwürde hem tanymal ussat şahyrlaryň biri hasaplanylýar. Beýik şahyryň ýaşap geçen döwri Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň synyp, Osmanly türkmen döwletiniň döräp başlan döwrüne gabat gelipdir.