Adam. Jemgyýet. Kanun.

26 Iýun 2024
234

Kämil kadalar

Ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten ukypsyz, kömege mätäç bolan, şeýle hem bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne ýigrimi üç ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ene-atalar tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.