Ýüreklerde orun alan akyldar

26 Iýun 2024
231

Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Halkyň ýüreginde baky orun alan söz ussadynyň çuňňur pikirleri bütin adamzat üçin ýörelgä, gymmatly hazyna öwrüldi. Şahyryň ölmez-ýitmez eserleri dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Akyldaryň döredijiligini öwrenýän alymlara bu günki gün dünýäniň çar künjeginde gabat gelmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen ussatlaryň beýik şahyr barada aýdanlary bolsa, Magtymguly Pyraga berilýän bahanyň, goýulýan hormatyň ýylsaýyn belende galýandygynyň alamatydyr.

Asyrlar geçse-de, şahyryň köpöwüşginli şygyrlary, pikir-garaýyşlary, parasatly sargytlary öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde baky orun eýeleýär. Akyldaryň döredijiliginde agzybirlik, jebislik, açykgöwünlilik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk hakda ajaýyp setirler bar. Şahyryň her bir setiri, nakyla öwrülen goşgulary şahsyýeti kämilleşdirýär.

Mähri ŞIRIÝEWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.