Hytaýyň awtoulag öndürijileri, täze bazarlaryň özleşdirilmegi netijesinde, 2023-nji ýylda ilkinji gezek global awtoulag satuwy boýunça amerikaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy. Bu barada awtoulag bazaryndaky maglumatlary seljermäge ýöriteleşen britan kompaniýasy «JATO Dynamics» habar berdi.
«Geçen ýyl hytaý öndürijileri dünýäde 13,4 million täze awtoulag satyp, bu möçber 2022-nji ýyldakydan 23 göterim köpdür. Amerikan öndürijileri bolsa, 11,9 million täze awtoulag satyp, 2022-nji ýyldaka garanyňda, 9 göterim ösüş gazandy» diýip, «JATO Dynamics»-iň hasabatynda bellenilýär. Hytaýly awtoöndürijileriň üstünligi Ýakyn Gündogar, Afrika, Latyn Amerikasy we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly täze bazarlaryň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hytaý awtoulaglaryna bolan isleg Ýewropada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Ysraýylda hem artýar.