1893-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çikagoda guralan Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar taryhda ilkinji gezek syn ediş çarhyna münüp görýärler. Bu wakadan iki ýyl öň illinoýsly ýaş inžener Jorj Ferris serginiň guramaçylaryna adamlar üçin kabinalary bolan äpet syn ediş çarhyny gurmagy teklip edýär. Ferrisiň bu oýlap tapyşyna Newada ştatynyň Karson derýasynda gurlan suw degirmeniniň çarhlary ylham berýär.