Ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralýan foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar. Innowasion ösüş we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýoluna düşen Türkmenistanda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn ökde hünärmenleri kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň artdyrylmagyna, möhüm ylmy barlaglary alyp barmak üçin şertleri döretmäge, geljegi uly ugurlarda olaryň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýär.
Biziň Türkmen döwlet maliýe institutymyzda hem innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryny öwredýän birnäçe topar işleýär. Şol sanda ýokary okuw mekdebimizde «emeli aň» düşünjesi bilen bagly maglumatlar hem talyplarymyza düýpli öwredilýär.