Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň – Balkan – Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşinde energetika pudagy wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alnyp, pudagy ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlaryň netijesinde, elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.