Arkadag şäheri — buýsanjymyz

18 Iýun 2024
344

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz ösýär, özgerýär. Şeýle taryhy eýýamda täze, döwrebap obalaryň, şäherçedir şäherleriň açylyş dabaralaryna şaýat bolmagyň özi tükeniksiz bagtyýarlykdan alamatdyr.

Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy taryhy waka hökmünde ildeşlerimiziň her birine unudylmajak duýgulary peşgeş berdi. Şol wakalaryň täsirinde ýaşaýan çagymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi we bu gün onuň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Merdan ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.