Şahyryň döredijiliginde ahlaklylyk ýörelgesi

17 Iýun 2024
325

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özüniň köptaraplylygy, köpöwüşginliligi bilen dünýä edebiýatyny baýlaşdyrýar. Ol akyl-paýhasa ýugrulan eserlerinde ynsan durmuşynyň dürli ugurlaryny şirin sözüň üsti bilen beýan edýär. Olarda söz ussadynyň ahlak meselesi babatda öňe sürýän gymmatly pikirleri hem aýdyň orun tutýar. Dürli döwürlerde dünýä alymlary ― Günbatar Ýewropanyň we Russiýanyň gündogary öwrenijileri Arminiý Wamberi, W.W.Bartold, F.A.Bakulin, A.N.Samoýlowiç, türkmen alymlary A.Gulmuhammedow, B.Garryýew, A.Kekilow, M.Kösäýew, Z.Muhammedowa, M.Annamuhammedow, A.Bekmyradow ägirt uly hyzmatlary bitirdiler.

Öňi bilen, bir zady bellemek möhümdir. Ol hem Magtymguly Pyragynyň ahlaklylygy ündemekde durmuşda gözi bilen gören zatlaryndan, şeýle-de gadymy ruhy çeşmelerden ugur alanlygydyr. Bu meselede Pyragy üçin pederi Döwletmämmet Azadynyň görelde bolandygyny ylmy çeşmeler tassyk edýär. Pederinden öwrenen durmuş ýörelgesi, Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde ündeýän pikirleri Magtymgula öz döredijiliginde ynsan ömrüniň bezegi bolan ahlaklylyk ýörelgesini ösdürmäge giň ýol açypdyr. Galyberse-de, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Bahaweddin Nagyşbendiniň, Hajy Bekdaşynyň ahlaklylygy ündeýän eserleri onuň bu ugurda dünýägaraýşynyň kemala gelmegine täsir edipdir.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmensitanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.