Çuňňur hoşallygyň beýany

17 Iýun 2024
381

Hormatly Prezidentimiziň Gyzylarbat etrabynda bolup, gallaçy babadaýhanlaryň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmagy hem-de welaýatymyzyň  ilatyna döwrebap hyzmaty ýola goýmak üçin häzirki zaman awtobuslaryny sowgat hökmünde gowşurmagy welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Şu şanly wakalar mynasybetli welaýat häkimligi tarapyndan hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, obasenagat toplumynyň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri, gallaçy daýhanlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň  200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy şeýle buýsançly durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.   

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».