Garaşsyz Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikleriň, Türkmenistan döwletiniň ýer ýüzünde, türkmen halkynyň bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe bolan günlerinde toýlarymyz biri-birine utgaşyp gelýär. Olara bagyşlanyp, baýramçylyk dabaralarydyr gyzykly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
14-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady. Bu «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşikde Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zergärçilik bilen meşgullanýan dürli kärdäki hünärmenler özara ýaryşdylar.