Milli hem mizemez ýörelgeleriň, ruhy päkligiň dabaralanmasy
Hormatly Prezidentimiziň Gurban baýramyny üç günläp giňden belläp geçmek babatda kabul eden taryhy çözgüdinden ruhlanan merdana halkymyz pederlerimizden miras bolup gelýän asylly däplerimize eýerip, Gurban baýramyny garşy aldy. Her bir mukaddes ojakda baýramçylyga giňden taýýarlykly gelindi. Bu asylly däpleri, halkymyzyň medeni hem ruhy mirasyny dolulygyna açyp görkezmek maksady bilen, ähli ýerde baýramçylyk dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ýola goýuldy.