Baýramçylyk konserti

16 Iýun 2024
371

Gurban baýramynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän ajaýyp pursatlarynda welaýat merkezimizdäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar meýdançasynda baýramçylyk konserti geçirildi. Ak öýler dikilip, tärimler gurlup, dürli ugurlara degişli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türkmeniň milli ruhy däpleriniň belent rowaçlyklara ýar bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ajaýyp görnüşler baýramçylyk sahnasynda guralan dabaraly çykyşlar bilen özboluşly sazlaşyp, oňa gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren «Pederlerden miras Gurban baýramy» atly edebi-sazly çykyşy baýramçylyk konsertiniň başlangyjyna öwrüldi. Soňra welaýatyň birleşen aýdymçylarynyň we Ruhubelent, Görogly etraplarynyň medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň «Gurban baýramy» atly çykyşy, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýewiň, aýdymçylar Nedirmuhammet Atageldiýewiň, Saýat Nurmedowanyň, Merjen Manadowanyň, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri Myrat Durdyýewiň, Güýçmyrat Atabaýewiň, Gözel Nedirowanyň ýerine ýetiren aýdymlary, Boldumsaz, Akdepe, Köneürgenç etraplarynyň, welaýat Medeniýet müdirliginiň tans toparlarynyň olara utgaşykly ýerine ýetiren tanslary baýramçylyk konsertine ýokary ruhubelentlik, köpöwüşginlilik çaýdy. Çykyşlar täze taryhy döwrümizde halkymyzyň milli hem medeni mirasynyň gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlaryna hoşallyk, ruhy päkligiň baýramynyň mizemez joşguny bolup ýaňlandy.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.