"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen berk baglanyşyklydygyny belleýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, döwrüň talabyna laýyk, giň dünýägaraýyşly, ösen ylmy tehnologiýalardan ýokary derejede baş çykarýan kämil ýaşlary ýetişdirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiz bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdügini nygtady. Şunda, aýratyn-da, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy hem-de takyk ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, ylmyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň we elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Sanly ulgamyň buýsandyryjy netijeleri

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň orta, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Munuň netijesinde bilim-ylym dünýäsine çuňňur aralaşmak isleýän ýaşlara diýseň uly mümkinçilikler açylýar. Olar sanly ulgamdan peýdalanmak arkaly, islendik ugra degişli maglumatlary çalt gözläp tapyp, ondan peýdalanyp bilýärler. Bu wagty tygşytlamaga, dürli ýurtlarda şol ugra degişli bar bolan täze maglumatlary, açyşlary aňsatlyk bilen tapmaga, öwrenmäge mümkinçilik berýär. Sanly ulgamyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaş nesliň diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän internet bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin hem peýdalydyr. Bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylyp başlany bäri, şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiş gazanýan mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň sany barha artýar. Bu ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň oňyn täsir edýändiginiň alamatydyr.

Suratlardaky 10 tapawudy tapyň!

Döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym-bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde daşary ýurt dilleriniň ýöriteleşdirilip öwredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw, ylym we bilim maksatly edaralaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmäge bolan isleglerini döwrebap mümkinçilikler esasynda düýpli ösdürmäge şert döredýär. Olaryň iň häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaş öwrenijileriň kompýuter sowatlylygynyň, daşary ýurt dillerinde erkin gürlemek endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär.

Bilim ulgamynda

Kämillik ýoly bilen Ösüp gelýän ýaş nesliň Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden beýik döwrüne mynasyp adamlar bolup ýetişmegini gazanmak üçin bilim ojaklarynda maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Bu wajyp işe biz hem yhlasly gatnaşýarys. Işimizde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kämil tehniki serişdelere giňden daýanýarys. Meniň özüm okadýan dersim boýunça internet ulgamynyň üsti bilen elektron okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan ýerlikli peýdalanýaryn. Çuňňur bilim almaga ýardam berýän şeýle peýdaly usullaryň okuwçylara hem elýeterli bolmagyny gazanmak üçin ýadawsyz aladalanýaryn. Mekdebimiziň informatika okuw otagyndaky kompýuterleriň internet ulgamyna birikdirilmegi okuwçylara zerur bolan ylmy çeşmelere aralaşmaga we gerekli maglumatlary almaga amatly şertleri döredýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bäsleşik geçirildi Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda her güni ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly bilim ulgamynda hem uly sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda hem baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw--tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem ylym-bilimiň ösmegine uly itergi berýär. Bu bolsa halkara guramalary, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, bu edilýän tagallalaryň hemmesi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçindir.

Ylmy gözlegleriň şowly netijeleri

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ulgamyň ornuny giňeltmek boýunça edýän tagallalary öz miwesini berýär. Bu tagallalaryň bir ugry dürli maksatly Internet saýtlaryny döredip, şolaryň üsti bilen maglumat goruny dolandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen iş maslahatlarynyň birinde hem nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dürli web-saýtlaryň 500-den gowragy döredilip, bellige alyndy. Bu işiň begendiriji tarapy, saýtlary döretmäge ýaş programmaçylaryň ýakyndan gatnaşýandygydyr. Dürli ugurlar boýunça gollanmalardyr maglumat gorlaryny web-saýt görnüşine geçirmäge synanyşyk diňe bir ýörite bilimli hünärmenleriň däl, eýsem, mekdep okuwçylarynyň ylmy-taslama gözleglerinde hem göze ilýär. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary hem şeýle maksatly tutumlaryň birnäçesine girişdiler. Şu ýazgylarymyzda şolaryň ikisi bilen gysgaça tanyşdyrmagy makul bildik.

Bilimli nesliň aladasy

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, ozaldan hereket edýänleriniň ýokary derejedäki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu zatlar ösüp gelýän ýaş nesliň bilimiň esaslaryny netijeli ele almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmagyna, döredijilik ukynyň ösmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalarynyň rowaçlanýandygyna bu gün uly buýsanç bilen göz ýetirip gelýäris. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerine, şeýle-de takyk ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Olarda bagtyýar ýaşlar döwrüň ösen ruhuna laýyklykda bilim alýar, hünär öwrenýär. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň beren bimöçber bagtydyr, peşgeşidir.

Ökdeler öňe saýlandy

Bereket etrabynyň orta mekdepleriniň arasynda etrap bilim bölümi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň baş maksady ata Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmunly eserlerine, ata-babalarymyzyň ýörelgelerine, edebiýatymyza, sungatymyza, milli mirasymyza belent söýgi döretmekden, kämil, giň dünýägaraýyşly, edepli, göreldeli, ýiti zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Ýaş alymlaryň döredijilik sergisi

Ýakynda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde innowasiýanyň we döwrebap bilimiň önümçilikdäki sazlaşygyny açyp görkezmek, ýaş alymlaryň täze işläp düzen taslamalarynyň aýratynlyklaryny gözden geçirmek, olary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çekmek, täze döredilen işleri höweslendirmek maksady bilen “Ýaş alymlaryň sanly ylym ulgamdaky gazananlary” atly ýörite sergi guraldy. Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaş alymlaryň innowasiýa babatdaky täze başlangyçlary, oýlap tapan ylmy taslamalary, işläp düzen kompýuter maksatnamalary giňden ýaýbaňlandyryldy. Professor-mugallymlaryň we ylmy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebimiziň binýadynda hereket edýän ýaş alymlar merkezinde, ylmy tejribehanalarda, şeýle-de “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde ýerine ýetirilen taslamalaryň maksady ýurdumyzyň medeni, syýasy, ykdysady üstünliklerini ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Olaryň arasynda okuw maksatlary bilen döredilen programmalaryň we bilim portallaryna niýetlenen täze taslamalaryň bolmagy bellärliklidir.

Okuwçylarda çalt we ýatdan hasaplamak endigini ösdürmek

Häzirki wagtda ýurdumyzda matematikany okatmakda okuwçylaryň işjeňligini, bilimleri özbaşdak ele almagyny, döredijilikli işlemegini gazanmak, okatmakda dersara baglanyşyga üns bermek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Okuwçylara matematika sapaklarynda okatmagyň işjeň usullaryny guramak üçin zerur bolan matematiki mazmunly oýunlardan, matematiki diktantlardan matematiki mazmunly matallardan peýdalanmak zerurdyr. Okuwçylara gyzyklanma sapagynda çalt we ýatdan hasaplamagy, mysallaryň çözülişini öwretmek olaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Mekdepde synp sagatlarynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Gündiziň ýagtylygy üçin Günüň, gijäniň görki üçin Aýyň, topragyň sahawatlylygy üçin suwuň nähili gymmaty bar bolsa, ynsan hem-de ýurt ykbaly üçin hem ylmyň gymmaty çäksizdir. Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen, mugallymlar, synp ýolbaşçylary okadýan dersiniň aýratynlygyny nazara alyp, okuwçylary döwrebap okatmagy we terbiýelemegi başarmalydyrlar. Okuwçylara döwrebap bilim bermekde okatmagyň netijeli, işjeň usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan we häzirki zaman tehniki serişdelerinden peýdalanylmalydyr, okuwçylaryň synpdan we mekdepden daşary geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy gazanylmalydyr. Ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylarynda başarnyklary kemala getirmegi terbiýelemek bilim işgäriniň borjudyr.

Edebiýat sapagynda çeper eserleriň derňewi

Edebiýat sapagy okuw-terbiýeçilik işiniň ähli döwürlerinde-de örän wajyplygy bilen tapawutlanýar. Edebiýat — bu çaganyň aňyny kemala getiriji, pikirleniş ukybyny ösdüriji sapakdyr. Okuw işiniň ähli etaplarynda aňlamak, duýmak, syzmak, düşünmek, ýat tutmak ýaly işler alnyp barylýar. Şol sebäpden edebiýaty ylmy taýdan öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şu zerurlygyň ilkinji ädimleri hökmünde edebiýat nazaryýetinden bölekler girizildi. Olar synplar boýunça toparlara bölünip, her bir edebiýat nazaryýeti geçilýän temasyna görä we çaganyň kabul ediş mümkinçiligine görä okuw kitabynda ýerleşdirildi. Bu bolsa öz gezeginde okuwçylaryň edebi eserleri özbaşdak derňemek işine itergi berdi. Bilşimiz ýaly, edebiýatyň üç sany sütüni bolup, olar: edebiýat nazaryýeti, edebiýatyň taryhy we edebiýatyň tankydy diýlip atlandyrylýar. Alymlaryň arasynda bularyň haýsysynyň iň ilkinjidigi baradaky, haýsysyny ilkinji öwrenmelidigi baradaky pikirler häli-häzirlerem dowam edýär. Edebiýat nazaryýetiniň arassa ylmy häsiýetini göz öňünde tutup, biz olary başgaça “edebi kesgitlemeler” diýibem atlandyryp bileris. Islendik zadyň adynda bolsa, onuň özi hakynda kem-käsleýin ýa-da doly maglumatlar saklanýandyr. Eger-de edebiýat nazaryýeti edebi kesgitlemeler toplumy bolsa, onda okuwçylara şolar barada maglumat bermek örän ýerlikli işdir. Munuň şeýledigini mugallymçylyk tejribesindäki edebi derňew sapaklary hem sub

Aýdyň maksatly ýaşlar

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji we röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony ýerine ýetirmek boýunça degişli Meýilnamanyň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu resminamalar ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwletiň üns merkezinde durýandygyny, onuň barha rowaçlanýandygyny we pugtalanýandygyny äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen täze resminamalar berkarar türkmen jemgyýetiniň bagtyýar nesillerini ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň esasynda milli ruhda terbiýelemegi dowam etdirmäge ýardam berer. Ol ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly, zähmete ukyply, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň hukuk üpjünçiligini kepillendirmek bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň geljekki ykbaly üçin ýokary ähmiýete eýedir. Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Munuň özi resminamanyň hukuk binýadynyň pugtadygyny we ony ýerine ýetirmekde durmuşa ge

Iňlis dilinde ugur soramak we salgy bermek

Isle, okuw maksatly ýa-da iş maksatly, ýa bolmasa dynç alyş maksady bilen daşary ýurtlara gidileninde, nätanyş şäherde isleýän ýeriňe azaşman barmak üçin ugur soramak zerurlygy köp ýüze çykýar. Ugur soralanda dogry sözleri ulanyp, diýjek zadyňy düşündirip bilseň, onda salgy berýän kişi hem kynçylyk çekmän sizi şol tarapa gönükdirer. Geliň onda, «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda ugur soramak we salgy bermek üçin zerur aňlatmalary öwreneliň! 1. How can I get to?..

Sanly tehnologiýalar bilim gurşawynda

«Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň her ýyl birinji synpa okuwa barýan çagalara kompýuter sowgat bermegi hem, çagalaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmegi üçin esas bolup durýar. Bilimde sanly tehnologiýalar olara esaslanýan häzirki zaman bilim gurşawyny döretmegiň usulydyr. Sanly tehnologiýalar ägirt uly tizlik bilen kämilleşýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, döwrebap mekdebi maglumat tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem birinji synpdan başlap, çagalara bilim almak üçin iş guraly hökmünde sanly tehnologiýalary ulanmagy öwretmeli. Bu işde başlangyç synp mugallymlarynyň esasy wezipesi okamagy, ýazmagy, hasaplamagy öwretmek bilen bir hatarda, okuwçylaryň öwrenmäge we döredijilige gyzyklanmasyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin okuw işinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmaly bolýar. Sapakda we sapakdan daşary işlerde multimediýa serişdelerini, wideo-prezentasiýalary, ýörite öwrediji maksatnamalary ulanmak, okuwçylary bäsleşiklere gatnaşdyrmak okuw işi

«Ýylyň mugallymy — 2021»

BILIMIŇ HEM ZEHINIŇ BÄSLEŞIGI Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürmek, okuw maksatnamalaryny we ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Ýylyň mugallymy» bäsleşigini her ýyl geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Berkarar Watana buýsançly ýaşlar

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde 19-njy orta mekdepde «Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar» atly maslahat geçirdi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Halkymyzyň, ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Terbiýe — borç

Kaýum TAŇRYGULYÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Sanlar(Sanawaç)

Terbiýe mekdebi Hormatly Prezidentimiziň romanlarynda zähmet terbiýesi

Hormatly Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan terbiýeçilik ähmiýetli «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary milli terbiýäniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän kämil eserlerdir. Hormatly Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap ylym-bilim almaklary, ökde hünärmenler bolup ýetişip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar ýurdumyzda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde iň täsirli ugurlaryň biri bolan çeper edebiýatyň terbiýeçilik güýji, täsiri örän uludyr. Sebäbi her bir çeper eseriň öňünde okyjylaryň ruhy dünýäsine täsir edip, olary belent maksatlara ruhlandyrmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetlere, gowulyga tarap özgertmek duransoň, terbiýe meselesinde-de çeper edebiýat esasy hyzmaty ýerine ýetirýär.