Bilim ulgamynda

15 Fewral 2021
892

Kämillik ýoly bilen

Ösüp gelýän ýaş nesliň Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden beýik döwrüne mynasyp adamlar bolup ýetişmegini gazanmak üçin bilim ojaklarynda maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Bu wajyp işe biz hem yhlasly gatnaşýarys. Işimizde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kämil tehniki serişdelere giňden daýanýarys. Meniň özüm okadýan dersim boýunça internet ulgamynyň üsti bilen elektron okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan ýerlikli peýdalanýaryn. Çuňňur bilim almaga ýardam berýän şeýle peýdaly usullaryň okuwçylara hem elýeterli bolmagyny gazanmak üçin ýadawsyz aladalanýaryn. Mekdebimiziň informatika okuw otagyndaky kompýuterleriň internet ulgamyna birikdirilmegi okuwçylara zerur bolan ylmy çeşmelere aralaşmaga we gerekli maglumatlary almaga amatly şertleri döredýär.

Beýleki habarlar