Mekdepde synp sagatlarynyň ähmiýeti

14 Fewral 2021
1203

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Gündiziň ýagtylygy üçin Günüň, gijäniň görki üçin Aýyň, topragyň sahawatlylygy üçin suwuň nähili gymmaty bar bolsa, ynsan hem-de ýurt ykbaly üçin hem ylmyň gymmaty çäksizdir. Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen, mugallymlar, synp ýolbaşçylary okadýan dersiniň aýratynlygyny nazara alyp, okuwçylary döwrebap okatmagy we terbiýelemegi başarmalydyrlar. Okuwçylara döwrebap bilim bermekde okatmagyň netijeli, işjeň usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan we häzirki zaman tehniki serişdelerinden peýdalanylmalydyr, okuwçylaryň synpdan we mekdepden daşary geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy gazanylmalydyr. Ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylarynda başarnyklary kemala getirmegi terbiýelemek bilim işgäriniň borjudyr.

Arazgül BABAJYKOWA,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar