"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýatdan çykmajak pursatlara beslendi

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde 25-nji maýda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ol soňky jaňyň kakylmagy, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama dünýäde belent ykrara eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martyndaky mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 22 — 25-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda strategik meýdança boldy. Oňa Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň 11 sany abraýly ýokary bilim ojagyndan 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 220-ä golaý talyp gatnaşdy.

Ýüregim — Türkmenistanda!

Nurjan GÜDER,Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň dosenti, professor: — Nesibäm çekip, öň maňa bu mähriban ýurtda ýaşamak we işlemek miýesser edipdi. Ýüregimde ýaşaýan ýurda ýene myhman boldum. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik bizi ýene bu döwlete getirdi. Türkmen halky bizi hemişeki ýaly mähirli garşylady. Türkmenistanlylar meni türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitaby türk diline terjime eden edebiýatçy alym hökmünde tanaýandyrlar. Bu kitap türkiýeliler üçinem hakyky akyl sandygyna öwrüldi. Şeýle işleri dowam etmek bilen, geçen ýyllarda türkmen halk ertekilerini terjime edip, «Iň gowy türkmen ertekileri» atly kitaby türk dilinde çapa taýýarladyk.

Söz sizden, ýeňijiler!

Akgözel RASULOWA,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby:

Uçurymyň uçurymlara sözi

Orta mekdebi tamamlanyma 20 ýyldan hem köp wagt geçenem bolsa, her ýyl maý aýynyň 25-i golaýlaberende özümi uçurym ýaly duýýaryn. Bu duýgy diňe bir mende däl, megerem, ähli kişide hem şeýledir. Owadan geýnen uçurym oglan-gyzlary göreniňde öz mekdep ýyllaryňy, okuwçy döwürleriňi ýatlaýaň. Jogapkärçiligiň, talabyň, üstünligiň, şowsuzlygyň, bäsdeşligiň, dostlugyň we ýene-de beýleki ähli inçe duýgularyň görnetin ýüze çykýan ýeri bu — mekdepdir. Synpda mugallymy diňlemek bilen durmuşda özümizden ululara hormat goýmagy öwrenýän bolsak, partadaşymyz bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny, synpdaş oglan-gyzlaryň bilen bolsa jemgyýetçilik gatnaşyklaryny öwrenýäris. «Şu setiri «A» harpyndan dolduryp geliň!» diýlip tabşyrylýan öý işden durmuşdaky ilkinji jogapkärçiligi, ýalňyş işlän mysallarymyza degen gyzyl ruçkadan bolsa durmuşda ýalňyşymyz üçin bizi hiç kimiň aýap goýmajakdygyny öwrenýäris. Fizikanyň kanunlaryna ters hereket etsek, jogabyň dogry çykmajaklygyndan ugur alyp, durmuşyň kanunlaryna hem boýun bolmagy öwrenýäris. Himiýada her bir elementiň täsirleşmesinden ugur alyp, adamlaryň hem bir-birek bilen nähili gatnaşyk saklamalydygynyň üstüni açýarys. Geografiýada globusa serede-serede, durmuş kartasynda hem azaşman ýaşamagy öwrenýäris. Garaz, bu zatlary her ýyl täze uçurymlara gözümiz düşüp, bir döwür özümiziň hem şol ýoly geçenligimiz ýadymyza düşüp öwrenýäris.

Zehin zehinden zyýada

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Bilim ministrliginiň hem-de Tebigaty goramak jemgyýetiniň bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Makala ýazmak we surat çekmek boýunça geçirilen bu bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan döredijilige höwesli çagalaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Ýaş nesilleriň zehinini we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda ähmiýetli bolan bu bäsleşikde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna, akyldar şahyryň türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlaryna aýratyn üns berildi. Eminler toparynyň netijeleri boýunça bäsleşigiň makala ýazmak ugrundan Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçysy Aýnur Arçaýewa baş baýraga, Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýlijemal Meretamanowa 1-nji orna, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýşa Muhammetalyýewa, Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýzada Gadamowa 2-nji orna, Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýmelek Şagulyýewa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy Arslan Muhammedow hem-de Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň ok

Hoş gal, ak mekdebim!

25-nji maýda Türkmenistanyň ähli umumy­bilim berýän orta mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ol soňky jaňyň kakylmagy bilen, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly, şatlykly wakalara utgaşyp, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýar. Mekdep ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar. Ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri, olaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri babatda edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda okamak üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ol soňky jaňyň kakylmagy bilen, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly, şatlykly wakalara utgaşyp, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýar. Mekdep ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar. Ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri, olaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri babatda edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda okamak üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär.

Uly durmuşa ynamly ädim

Däp bolşy ýaly, 25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara her bir adama joşguna, şatlyga ýugrulan mekdep ýyllaryny ýatladýar. Ol, aýratyn-da, uçurymlar üçin tolgundyryjy pursatdyr. Bu şatlykly baýramçylygyň Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde bellenilmegi oňa özboluşly öwüşgin çaýýar. AŞGABATDA

Halkara bäsleşigiň jemi jemlendi

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda üç günläp dowam eden «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşikde daşary ýurtlaryň 9-syndan 11 sany ýokary okuw mekdebiniň 40-a golaý, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 200-den gowrak talyplary we magistrleri özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar ýekebara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we taryhy-medeni ugurlardan test ýumuşlaryny, meseleleri çözmek, toparlaýyn görnüşde bolsa halkara gatnaşyklarda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirleme boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ýekebara görnüşinde türkmen talyplary altyn medallaryň 11-sine, kümüş medallaryň 34-sine, bürünç medallaryň 43-sine — jemi 88 medala mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda ildeşlerimiz 9 altyn, 15 kümüş, 24 bürünç medal eýelediler. Şeýle-de daşary ýurtly talyplar 15 medala mynasyp bolmagy başardylar.

Ene dilim — eziz dilim

Häzirki zaman türkmen dili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik pikirlenişiniň ähli ugurlarynda öz ýokary ukyplylygyny görkezmek bilen kämil hyzmat edýän aragatnaşyk serişdesidir. Dil adamzadyň jemgyýetçilik durmuşyny, ýaşaýşyny guraýan serişdedir. Bu türkmen dili babatda-da şeýledir. Dil serişdeleriniň ulanylmagy arkaly adamlar arasyndaky gepleşik aragatnaşygy guralýar, ýazuw hem aýdylyşyň üsti bilen maglumat ýaýradylýar we nesilden-nesle geçirilýär.

Bilimli ýaşlar — Watan guwanjy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň zerur talaplarynyň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, ynsanperwer ýaşlary taýýarlamagy we terbiýeläp ýetişdirmegi, ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasaplaýar. Olaryň döredijilik hyjuwlaryny ýüze çykarmak maksady bilen ähli şertler döredilýär.

«Soňky jaň» dabaralary

Şu gün ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky orta mekdeplerde-de 2023 — 2024-nji okuw ýyly tamamlandy. Şu mynasybetli ähli bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabaralary, uçurymlaryň gatnaşmaklarynda medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Uçurymlar «akylly» şähere gezelenç etdiler

Ýurdumyzda uludan bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň 2023-2024-nji ýylynyň uçurymlary «akylly» şäheriň iň gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäherinde bina edilen «Akhan» binasyndan başlanan gezelenç Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşmak arkaly dowam etdi. Soňra uçurymlar Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasyna, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Taryhy-medeni seýilgähine aýlanyp gördüler.

Hoş gal, ak mekdebim!

Kaka etrabyndaky umumybilim berýän mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralar mekdep uçurymlaryna şatlykly pursatlary bagyş etdi. Baýramçylyk dabaralary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Dabaralara gatnaşan myhmanlar öz çykyşlarynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlary ajaýyp waka mynasybetli gutladylar hem-de durmuşda ak ýol arzuw etdiler.

Mekdep uçurymlary, ýoluňyz ak bolsun!

Tejen etrabyndaky orta mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen “Soňky jaň” dabaralary uly şowhun- şagalaňa beslendi. Mekdeplerde guralan dabaralara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ata-eneler hem gatnaşdy. Dabaralarda çykyş edenler mekdebi tamamlaýan okuwçylary şatlykly pursat bilen mähirli gutladylar, ýollarynyň ak bolmagyny arzuw etdiler, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda tamamlanýan okuw ýylynda etrabyň bilim işgärleriniň ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde alyp baran işleri, gazanan üstünlikleri barada aýtdylar. Dabaralara gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

Uçurymlara ak ýol!

25-nji maýda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjünde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi. Şeýle toý-dabaralar ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ajaýyp Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Ähli toý-baýramlaryny ilkinji gezek belleýän «akylly» şäherde «Soňky jaň» dabarasy Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül çemenlerini goýmak bilen başlandy. Ýürekleri joşgunly uçurymlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, baş egip, tagzym etdiler.

Bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabarasy

Şu gün gözel Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem «Soňky jaň» dabarasy şatlyk-şowhun bilen bellenildi.

“Soňky jaň” dabaralary

Owazasy alyslara ýaň salan dabara Säheriň ajaýyp howasy durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlaryň kalbynda şatlyk döretdi. Däp bolşy ýaly, ir bilen 25-nji maý — “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň mekdepleriniň uçurymlary, ökde okuwçylar, olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, bilim ulgamynyň işgärleri Baş baýdak meýdançasynda ajaýyp gül desselerini goýdular.