"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym — ýollarymyzy nurlandyrýan şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, okatmagyň häzirki zaman usullary giňden ulanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, röwşen geljegimiziň berk binýadynyň goýulýan zamanasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, medeniýet, sport, ylym, bilim hem-de beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mynasyp beýanyny tapýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň hemişe üns berýän hem-de üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşiniň gözbaşy ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegindedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda sazlaşykly alnyp barylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň berk binýady bolup durýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ylmyň ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlylaşdyrmaga ugur alyndy, ähli ýerde häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri,

Toprak kadaly iýmitlendirilse

Topragyň hasyllylygyny birsyhly artdyrmak üçin ýerli we mineral dökünleri talabalaýyk ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Ekinlerden alynýan hasylyň hili, ilkinji nobatda, ýerli we mineral dökünleriň dogry hem-de ýeterlik ulanylyşyna bagly bolup durýar. Ylmy maglumatlara görä, alynýan hasylyň 40 göterimi mineral dökünler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmeklige, onuň enjamlaýyn binýadyny berkitmeklige aýratyn üns berilýär. 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hatarynda oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere hem seredip geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrmagy bu ugra uly ünsüň gönükdirilýändigini görkezýär.

Ylym we tehnologiýa

Türkmen halky hemişe ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada çuňňur alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Munuň özi döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ylym şu güni we geljegi ýagtylandyryp, köp asyrlardan bäri ösüşlere eýe bolup gelýär. Häzirki döwürde ylmy açyşlar tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Bu bolsa sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlar üçin döredilen mümkinçiliklerdir.Ylym we tehnologiýa babatynda ýokary netijeleriň gazanylýan döwründe ýaşlaryň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmegini gazanmak döwrüň talabydyr. Şonuň üçin ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplara bu babatda giňişleýin düşünje berilýär we olaryň ylmy garaýyşlarynyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:«Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir» Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan merkez bolup, onuň ylym-bilim ulgamynda ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri «SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly» atly Halkara bäsleşigiň altyn medalyna, nyşanyna we diplomyna mynasyp boldy.

Hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy we ýaş­la­ryň yl­my ga­ra­ýyş­la­ry boýunça ylmy-amaly maslahat geçirilýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ýaş nes­liň ze­hin-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek, o­la­ry yl­ma, dö­re­di­ji­li­ge hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu gün bolsa Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da II Açyk hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­ny hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ta­lyp ýaş­la­ryň yl­my ga­ra­ýyş­la­ry» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty öz işine başlaýar.

SAN­LY YK­DY­SA­DY­ÝET — TÄ­ZE MÜM­KIN­ÇI­LIK­LE­RIŇ AÇA­RY

Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üz­nük­siz kä­mil­leş­me­gi bi­len, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri ýe­ňil­leş­ýär, dür­li gur­şaw­lar­da tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­gyň, yk­dy­sa­dy­ýet­de we halk ho­ja­ly­gy­nyň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň esa­sy şer­ti hök­mün­de san­ly ul­ga­myň äh­mi­ýe­ti art­ýar. «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň dö­wür bi­len deň ga­dam urup, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun al­ma­ga ym­tyl­ýan­dy­gy­ny tas­syk ed­ýär. Ýur­du­myz­da mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi, il­kin­ji no­bat­da, ze­rur dü­züm­le­ri dö­ret­mek­den ugur al­ýar. In­ter­net to­ru­na el­ýe­ter­li­li­giň ýo­kar­lan­ma­gy we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi san­ly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň wa­jyp şert­le­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­ler­den ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­na we ra­ýat­la­ryň dur­mu­şy­na mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler am

ARKADAG ŞÄHERINDE MEKAN TUTAN YLMY OJAK

Ýurdumyzyň oba hojalygyndaky özgertmeleriň depginini has-da güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň ylmy binýadynyň pugtalandyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesiniň artmagyna aýratyn uly üns berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň birnäçe esse ýokarlandyrylmagy gallaçy we pagtaçy ýer eýeleriniň, kärendeçileriň işe bolan yhlasyny has-da artdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji fewralynda Milli Liderimiz ajaýyp Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binasynyň taslamasy bilen ýakyndan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny, tekliplerini berdi. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynyň binasyna gelip, bu ajaýyp bina geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda açylan Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk institutlarynyň göçürilip getirilmegine ygtyýar bermegi ekerançy we gallaçy alymlary, hünärmenleri begendiren, buýsandyran taryhy waka öwrüldi. Milli Liderimiz dünýä

Ylmyň belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 22-nji fewralynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler, ýerine ýetirilmeli çäreler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Maksatnamada ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak ýaly degişli wezipeler kesgitlenilendir. Türkmenistan döwletimiz aragatnaşyk-maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna täzeçil tehnologiýalary çekmegiň işjeň tarapdarydyr. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde görmek bolýar. Bina edilýän desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Arkadag şäherinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýy

Sanly bilim ulgamy ösdürilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy, kämil bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ajaýyp netijeleri berýär. Ata Watanymyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmeginiň netijesinde bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetilýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler, okuw-usulyýet enjamlary bilen üpjün edilen, internet ulgamy birikdirilen okuw otaglary bilim berlişiniň hilini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmäge, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ulgama ylmyň täze gazananlaryny, innowasion usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys» diýip bellemek bilen, ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Munuň üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

«Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli-ruhy mirasy ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Döwlet Baştutanymyz geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň miras galdyran edebi-ruhy gymmatlyklaryny, şolary içgin öwrenen we halk arasyndan toplap özünden soňky nesillere miras galdyran alymlaryň edebi mirasyny öwreniji ylmy işgärleriň borjy bolmalydygyny çykyşlarynda belleýär. Türkmen edebiýatynyň taryhynda özüniň gysga ömründe köp sanly işleri bitiren, halkyň hakydasynda baky orun alan birnäçe alymlar, şahyrlar, ýazyjylar ýaşap geçipdirler. Gynansak-da, olaryň käbiriniň ykbaly halkyň üstüne abanan ýowuz bela — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelipdir. Şol elhenç ýyllar barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer» ýaly eserlerinde beýan eden jümleleri seriňe dolýar. Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda: «1941-nji ýylyň 22-nji iýuny... Uruş — atalary we çagalary, eneleri we ogullary, doganlary we uýalary biri-birinden aýra salan uruş» diýen jümlelerini okanyňda, şol döwrüň kynçylykly günlerini, hasratly pursatlaryny aňyňda aýlaýarsyň.

Ylym ýoly — ykbal ýoly

Gurbangül Guzyçyýewa ykbalyny ylma baglan hem-de kesbinden kemal tapýan zenanlaryň biri. Halypa alym zenan häzirki wagtda-da ylym bilen meşgullanmagyny dowam edýär. Ýaş alymlara halypalyk edýändigine garamazdan, özi-de ylmy öwrenmegi dowam edýär. Ylmy gözleglerini golýazma nusgalary bilen baglanyşykly islendik temadan ýazsa-da, ol çuňňur derňew geçirip, türkmen edebiýatynyň inçe syrlaryny açyp görkezýär. Ol alymlara mahsus bolan sypaýylyk, agraslyk, pespällik, açykgöwünlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän, türkmen milli ylmyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan alymlaryň hatarynda tanalýar. Ol 1971-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebinde tejribeli mugallymlardan sapak alýar.

Ynsanperwerligi dabaralandyrýan beýik ýol

Ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik syýasatyny öňe sürýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy gözbaşyny taryhy geçmişden alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň döredip, kämilleşdirip, şu günki güne gelip ýetiren ahlak-ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan özboluşly aýratynlyklary bar. Türkmeniň adalatlylyk, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, sabyr-kanagatlylyk ýaly häsiýetleri halkymyzyň ganyna siňendir. Bu häsiýetler türkmen edebiýatynda, halk döredijilik eserlerinde öz beýanyny giňden tapypdyr. Halkyň arasyndaky dostluk bilen bagly pähimler ynsan gatnaşyklarynyň we döwletiň döwletler bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny alyp barmagynyň esaslanmasyny görkezýär. Şu jähetden türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny beýik akyldarlarymyzyň döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Şeýle garaýyşlar Merwde doglan Abdylla Mübäregiň döredijiliginde hem beýanyny tapýar.

Ylym — ösüşleriň binýady

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Ähli ösüşleriň, özgerişleriň we üstünlikleriň gözbaşy ylym-bilimiň binýady bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda düýpli özgerýär. Hususan-da, ylym ulgamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň we geljekki ösüşleriň ygtybarly daýanjy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym diňe bir şu günki ösüşimizi däl-de, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyny bellemek gerek. Şunda dünýä döwletleriniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aýtmak bolar. Munuň özi ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dost-doganlyk gatnaşyklaryny-da pugtalandyrýar.

Ylym dün­ýä­si­niň ägir­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, şeý­le-de mil­li ta­ry­hy­my­zy asyl dur­kun­da do­ly öw­ren­me­gi­mi­zi gaý­ta­ryp ber­di. Ibn Si­na Ür­genç (hä­zir­ki Kö­ne­ür­genç) şa­sy Aly ben Ma­mu­nyň köş­gü­niň ýa­nyn­da­ky ylym öýün­de özi ýa­ly da­na alym­lar, luk­man­lar bi­len bi­le­lik­de ylym bi­len meş­gul­lan­ýar. Gu­jur-gaý­ra­ty­nyň joş ur­ýan wag­ty ta­ny­mal alym­lar, akyl­dar­lar, luk­man­lar bi­len gat­na­şyk­da bol­ma­gy Ibn Si­na ok­gun­ly öňe git­mä­ge ýar­dam ed­ýär. 

Wideogörnüşleriň bäsleşigi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly and the present day» («Magtymguly we şu gün») atly iňlis dilinde wideogörnüşleri taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Uly gyzyklanma eýe bolan bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen wideogörnüşleriň 45-si kabul edilip, olaryň arasyndan iň gowulary ýeňijiler diýlip yglan edildi. Ýeňijiler saýlanyp alnanda, esasan, işiň Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini we onuň öwrenilişini içgin açyp görkezişine üns berildi.

Tejribelik geçýän talyplaryň bäsleşigi geçirildi

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr» atly bäsleşigi guramaga gatnaşdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde guralan bäsleşik iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk tejribeligini geçýän talyplary gatnaşdylar.

Gymmaty egsilmejek eserler

Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň edep-terbiýeli, ylym-bilimli, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýär. Ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, mukaddesliklere, asylly däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza belent söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplar nesil terbiýesi baradaky manyly, parasatly pikirlere ýugrulan jümlelere örän baý bolmak bilen, adamyň ruhy dünýäsini, dilini baýlaşdyrýan we kämilleşdirýän, durmuş meselesine giňişleýin jogap berýän, dogry ýola ugrukdyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary taryhy we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli hem-de milli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlary, pähim-paýhaslary özünde jemlemek bilen, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan terbiýe mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda Watanyňy söýmek, oňa wepaly bolmak, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmak, gadymy taryhymyz, medeniýetimiz hakynda gymmatly pikir-garaýyşlar beýan edilýär.

Ylym-bilimde netijeli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurulýar. Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda gurluşygyna badalga berlen institutyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň okuw otaglaryny döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça tejribeli hünärmenlerden ybarat bolan iş topary döredildi. Iş topary tarapyndan institutymyzyň täze binalar toplumyny enjamlaşdyrmak, okuw otaglaryna ornaşdyrylmaly enjamlarynyň kysymyny, ulgamlaryny, programma üpjünçiliginiň sanawyny taýýarlamak boýunça potratçy kärhana bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen degişli guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Institutyň professor-mugallymlary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tejribehana enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynda iş saparynda boldular. Gamburg şäherinde ýerleşýän «G.U.N.T. Gerätebau GmbH» kompaniýasynyň «G.U.N.T Hamburg» tejribehana enjamlaryny öndürýän zawodynda kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ibn Sinanyň ýörelgeleri

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy özü­niň kö­pö­wüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Halk luk­man­çy­ly­gyn­da hal­ky­myz baý däp­le­ri, öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri bi­len bi­ler­men­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Bi­ziň Di­ýa­ry­myz­da halk için­de luk­ma­nyň ady tu­tul­sa, Gün­do­ga­ryň be­ýik luk­ma­ny Ibn Si­na esas­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çäk­le­rin­de ýa­şan, okap bi­lim alan we luk­man­çy­lyk amal­la­ry bi­len at gal­dy­ran Abu Aly Ibn Si­na alym, fi­lo­sof hök­mün­de adam­zat yl­my­nyň ösü­şi­ne uly go­şant go­şan be­ýik şah­sy­ýet­dir.

Emeli intellekt

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň gur­lu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösüş dep­gin­le­ri bo­ýun­ça ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da bar­ýar. Türk­me­nis­tan tä­ze sep­git­le­re ýet­mek bi­len ösü­şiň tä­ze ýo­ka­ry de­re­je­si­ne mag­lu­mat­lar jem­gy­ýe­ti­ne ga­dam goý­dy. Eme­li in­tel­lekt adam­la­ryň ýa-da haý­wan­la­ryň te­bi­gy in­tel­lek­tin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, ma­şyn­lar ýa-da beý­le­ki en­jam­lar ta­ra­pyn­dan san­ly gör­nüş­de gör­ke­zil­ýän akyl­dyr. Onuň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry Aga­ber­di Ho­ja­ýew bi­len Şe­ker Mäm­met­gu­ly­ýe­wa gür­rüň ber­ýär.