«Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar»

10 Aprel 2024
629

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli-ruhy mirasy ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Döwlet Baştutanymyz geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň miras galdyran edebi-ruhy gymmatlyklaryny, şolary içgin öwrenen we halk arasyndan toplap özünden soňky nesillere miras galdyran alymlaryň edebi mirasyny öwreniji ylmy işgärleriň borjy bolmalydygyny çykyşlarynda belleýär.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda özüniň gysga ömründe köp sanly işleri bitiren, halkyň hakydasynda baky orun alan birnäçe alymlar, şahyrlar, ýazyjylar ýaşap geçipdirler. Gynansak-da, olaryň käbiriniň ykbaly halkyň üstüne abanan ýowuz bela — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelipdir. Şol elhenç ýyllar barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer» ýaly eserlerinde beýan eden jümleleri seriňe dolýar. Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda: «1941-nji ýylyň 22-nji iýuny... Uruş — atalary we çagalary, eneleri we ogullary, doganlary we uýalary biri-birinden aýra salan uruş» diýen jümlelerini okanyňda, şol döwrüň kynçylykly günlerini, hasratly pursatlaryny aňyňda aýlaýarsyň.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar