Toprak kadaly iýmitlendirilse

16 Aprel 2024
637

Topragyň hasyllylygyny birsyhly artdyrmak üçin ýerli we mineral dökünleri talabalaýyk ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Ekinlerden alynýan hasylyň hili, ilkinji nobatda, ýerli we mineral dökünleriň dogry hem-de ýeterlik ulanylyşyna bagly bolup durýar. Ylmy maglumatlara görä, alynýan hasylyň 40 göterimi mineral dökünler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmeklige, onuň enjamlaýyn binýadyny berkitmeklige aýratyn üns berilýär. 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hatarynda oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere hem seredip geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrmagy bu ugra uly ünsüň gönükdirilýändigini görkezýär.

Mähriban GURBANGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar