"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym – röwşen geljegiň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Düýn 12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ylym — Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň binýady

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar.

Döwletimiziň ylmy we ykdysady mümkinçiliklerini pugtalandyrmak — alymlaryň baş wezipesi

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar. Ylym we bilim islendik döwletiňdir jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň toplumlaýyn pugtalandyrylmagynyň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir.

Döwür bilen galkyn, ylym, ak geljege ýalkym, ylym!

Ylymlar gününiň dabaralary Ylymlar güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk dabarasy belent ruhy joşguna, şatlyk-şowhuna beslendi. Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, ýaşlaryň we ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda ýaýbaňlandyrylan dabara aýratyn täsirliligi we baý mazmuny bilen tapawutlandy. Dabaranyň başynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň dürli ugurlarynyň ösdürilýändigi, bagtyýar ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryna goldaw berilýändigi dogrusynda gürrüň edildi.

Ýaşlaryň ylmy üstünlikleri

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik geljegiň eýeleriniň arasyndan zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakdaky taýsyz aladasynyň esasynda bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy has-da artýar. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar ynsanperwer ylymlary, himiki tehnologiýalar, molekulýar biologiýa, ýurdumyzyň ylmynda nanotehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Ösüşleriň binýady

Paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat üstünliklere beslendi 11-nji iýunda paýtagtymyzda Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan, türkmen alymlary, mugallymlar we ýaş ylmy işgärler bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemlän forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi.

Myhmanlara söz berýäris:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmetaraplaýyn beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün halkara derejeli duşuşyklaryň, sergileriň, ylmy-amaly, işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýaňy-ýakynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrmagy, şeýle hem Diýarymyzda Ylymlar güni mynasybetli guralýan dabaralardyr halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ylym — bagtly geljegiň altyn açary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda düýpli ylmy işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmek üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde harby ylmyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berilýär. Döwletiň, jemgyýetiň her bir ugurdaky ösüşleri ylmyň-bilimiň ösdürilmegine baglydyr. Ýaş nesliň ylym binýadynyň berk tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň harby ylym ulgamynyň abraýynyň artmagyna hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine goşulmagyna-da ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň kafedralarynda harby talyplary ylmy barlaglara çekmek, olar bilen ylmy taslamalary işläp taýýarlamak, ylmy işleriň yzygiderli ösüşini gazanmak babatynda ilkinji ädimler ädildi. Institutyň ýaş alymlar gurnagynda ýokary derejeli harby hünärmenleri ylmy taýdan taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam etjek işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, ylmy forumlara we ylmy gurnaklara harby talyplar işjeň gatnaşýarlar. Şeýle maslahatlarda harby talyplar we serkerde-mugallymlar dürli ylmy başlangyçl

Mynasyp sowgat

(Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna sowgat eden «Belent boýly ussadym» atly şygyr diwanyny okap) Döretdi Gahryman şahyrymyz täze kitaby,Ol diwany okamagyň has uludyr sogaby,Gaýta-gaýta alna sylyp, edýäris biz togaby,Täze eser gutly bolsun, eý, mähriban şahyrym!

Älemiň çyragy kitap

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşini pugtalandyrmak, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Halkymyz durmuş taýdan gülläp ösýän, syýasy we ykdysady taýdan pugtalanýan asuda Watanymyzda ruhubelentlikde ýaşap, döredijilikli zähmet çekýär. Bilimi, ylmy ösdürmek, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän tutumlar hem bellenilmäge mynasypdyr. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitap göz öňünde janlanýar. Çünki kitap adamlary, jemgyýeti kämilleşdirmekde gymmatly ruhy serişde bolup durýar. Kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar.

RÖWŞEN GELJEGIŇ ÝOLY

Şu gün, ýagny 12-nji iýunda Garaşsyz Watanymyzda Ylymlar güni uludan bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ylym ulgamy düýpli ösüşlere eýe bolýar. Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralara, baý mazmunly çärelere ýurdumyzyň alymlary, ylmy işgärleri bilen birlikde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Şol dabaralarda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory Aýjahan Babaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: - Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr” diýýär. Milli ylym ulgamy şu günlerde bolup geçýän täzelikler bilen baýlaşýar. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmeginiň, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanylan uly üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu ylmy bäsleşige menem “Daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini kämilleşdirmek” atly ylmy işim bilen gatnaşyp, ýeňiji boldum. Milli ylym ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda kämil derejede ösdü

Ylym — adamzadyň röwşen geljeginiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr”. Şu nukdaýnazardan bu gün ýurdumyzda ylym binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, alymlarymyzyň täze ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini hem-de ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişliginde üstünlikli goşulmagyny gazanmak babatdaky bimöçber işleri ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji iýuny milli senenamamyzda Ylymlar güni hökmünde orun aldy. Halkymyz indi ençeme ýyldan bäri Ylymlar gününi giňden dabaraly belläp geçýär. Şu sene mynasybetli ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler guralýar. Ylmy ösdürmek, alymlarymyzy goldamak we höweslendirmek maksady bilen ýaş alymlaryň arasynda guralýan ylmy işleriň bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň ýaşlarymyzyň öwrenmegi, döretmegi, ylmy işler bilen meşgullanmagy we täze açyşlary etmegi babatdaky ähmiýeti örän uludyr.

Ylym we innowasiýalar — ösüşiň esasy şerti

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda” Karara gol çekdi. Bu çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, amaly ylmy işleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny we önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy esasda senagat pudagyny ösdürmek, tehniki ölçegleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur binýady döretmek maksady bilen kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň täze hukuk ýagdaýy alymlara we inženerlere dünýäniň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeň g

Ylym we innowasiýalar — ösüşiň esasy şerti

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda” Karara gol çekdi. Bu çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, amaly ylmy işleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny we önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy esasda senagat pudagyny ösdürmek, tehniki ölçegleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur binýady döretmek maksady bilen kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň täze hukuk ýagdaýy alymlara we inženerlere dünýäniň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeň g

Ylmyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar

Sowatlylyga, ylym-bilime sarpa goýýan halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleri ýaş nesliň ylym ýolundaky üşük-zehininiň ýitelmegine itergi berýär. Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakyndaky» Karardyr Permanlary, şeýle-de «Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda ylym ulgamynyň netijeli ösdürilmeginiň berk binýady boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturalaryň, doktoranturalaryň, kliniki ordinaturalaryň açylyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary derejeli, ylmy taýdan taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek işleriniň ýola goýulmagy hem täze ösüşlere itergi berýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalarynyň önümçilige, ylym-bilim ulgamyna we beýleki ugurlara ornaşdyrylmagy aýdanlarymyzyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ylmyň tä

Ylym — beýik ösüşleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde kesgitlenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulmagyny üpjün etmek, ylym taýdan ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi öňde goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän köptaraply başlangyçlarynda, uludan tutulýan döwletli tutumlarymyzda hemişe ylma daýanylýar. Şonuň üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işlerde ylmyň ygtybarly görkezijilerine esaslanylýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan esasy ýörelgeleri kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilimlere we innowasiýalara daýanylyp, ýurdumyzda ylym-bilimi has-da ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatda uly tejribe toplanyldy. Döwrebap tehnologiýalara, düýpli ylymlara esaslanýan innowasion ösüşli ykdysadyýet döredildi. Şeýlelikde, jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge we adamyň intellektual dünýägaraýşyny ösdürmäge, yl

Kämilligiň berk binýady

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine uly ähmiýet berildi. Şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ylym-bilimiň ýokary ösüş derejesiniň dürli ugurlarda alymlaryň özara hyzmatdaşlygyna, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns çekilip, ola

Belent üstünlikleriň gözbaşy

Ýurdumyzda innowasion ösüşiň ýoluna gadam basylmagy, durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň diňe bir giň nazaryýet gözýetimini däl-de, eýsem, dürli görnüşdäki hünär wezipelerini çözmäge döredijilikli çemeleşmegini talap edýär. Ýurdumyzyň geljegi ýaşlar bilen baglydyr, munuň özi olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagynyň zerurlykdygyny aňladýar. Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş alymlaryň, ylmy işgärleriň ylmy-barlag işlerini geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň yhlasly zähmeti, zehin baýlygy, maksada okgunlylygy bilen gazanýan bilimi we ylmy röwşen geljegimiziň ygtybarly gollardadygyny görkezýär. Okamaga, öz saýlap alan hünäriňe eýe bolmaga, döretmäge ähli ýollaryň açyklygy hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän tagallalarynyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim-ylym ulgamynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen ynsanperwer kadalarynyň durmuşa geçirilmegi, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, milli miras bilen döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ylym-bilimiň ähli ösüşlerimiziň gözbaşy bolup durýandygyny görkezýär.

Ylym halkyň hyzmatynda

Şu gün eziz Diýarymyzda uly dabaralara beslenip Ylymlar güni toýlanýar. Bu baýram ýurdumyzda eýýäm 18-nji gezek, ýagny 2007-nji ýyldan bäri alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda giňden bellenilýär. Sebäbi ylym biziň ähli ösüşlerimiziň binýady. Ylym — döwletiň kuwwatyny we geljegini kesgitleýän esasy gymmatlyk. Ylym — her birimiziň dünýägaraýşymyzy emele getirýän, akyl işjeňligimizi artdyrýan, dürli meseleleri dogry çözmäge ýardam berýän uly güýç. Şonuň üçin alym Arkadagymyz hem-de alym Prezidentimiz milli ylym ulgamynyň yzygiderli ösmegine degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ýaşaýşa düşünmegiň we öňe ilerlemegiň, ösüşiň özeninde ylym-bilim ýatyr», «Ylym — köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar» diýip belleýär.

Halkara maslahat tejribe mekdebi

Ýaş nesle bilim bermekde döwrebap usullary özleşdirmek şu günki halypalarymyzyň hem, geljekki mugallymlar hökmünde biziň hem öňümizde durýan ilkinji nobatdaky esasy borç. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli baýry ýokary okuw mekdebimizde geçirilen halkara onlaýn ylmy maslahaty hem şu wezipä bagyşlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirilen maslahat «Ylym-bilim XXI asyrda» diýlip atlandyryldy. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, döwrümiziň iň täze gazananlaryny ylym we bilim pudaklaryna ornaşdyrmagy, bu babatda tejribe alyşmagy maksat edinen maslahata dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryndan hem isleg uly boldy. Şeýlelikde halkara maslahat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň we Germaniýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän pedagog alymlarynyň tejribe meýdançasyna öwrüldi.