Ylym — beýik ösüşleriň şuglasy

11 Iýun 2024
609

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde kesgitlenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulmagyny üpjün etmek, ylym taýdan ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi öňde goýulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän köptaraply başlangyçlarynda, uludan tutulýan döwletli tutumlarymyzda hemişe ylma daýanylýar. Şonuň üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işlerde ylmyň ygtybarly görkezijilerine esaslanylýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan esasy ýörelgeleri kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilimlere we innowasiýalara daýanylyp, ýurdumyzda ylym-bilimi has-da ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatda uly tejribe toplanyldy. Döwrebap tehnologiýalara, düýpli ylymlara esaslanýan innowasion ösüşli ykdysadyýet döredildi. Şeýlelikde, jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge we adamyň intellektual dünýägaraýşyny ösdürmäge, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Aşyrmuhammet GURBANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.
Beýleki habarlar